Thumb Thumb

Siziň ygtyýarnamaly we sertifakatly hyzmatdaşyňyz

«Demir ölçeg» HK Elektroenergetika, elektrotehniki ugurlarynda ölçegler, kalibirirlemek, deňeşdirme işleri, aragatnaşyk ugrunda hem simli we simsiz toplumlaýyn aragatnaşyk işleri, IT ösüşi web, iOS, ANDROID ykjam programmalary taslamak ýaly ugurlarda hünärmen çözgütleri bermäge ýöriteleşen kompaniýa. Müşderilerimize ýokary derejeli hyzmatlary bermekde, ýokary hünärli hünärmenler topary bilen kepillendirilen kompaniýa. Kompaniýamyz, müşderilerimiz üçin, innowasion, ylmy we tehniki çözgütleri hödürleýär. Şol sanda kalibrirlemäni we ölçeg gurallaryny deňeşdirmegi öz içine alýar. Mundan başga-da, müşderilerimize iş amallaryny we amal optimizirlemek üçin döredilen IT çözgütlerimiziň bir toparyny hödürleýäris. Biziň ugurlarymyzda, iň täze tehnologiki ösüşler we tejribeler bilen täzelenmäge çalyşýarys we müşderilerimiziň üýtgeşik zerurlyklaryna, talaplaryna laýyk gelýän innowasion çözgütleri hödürlemegi maksat edinýäris.

  • Resmi kepillik

    Biz ýerine ýetiren işlerimize jogapkärçilik duýýarys

  • Hünärmen topar

    Biziň ýörelgämiz müşderilerimiziň talaplaryny ýerine ýetirmek

Näme edýäris

Biziň hyzmatlarymyz

Elektroenergetika babatynda gurmak sazlamak we önümçilik işleri, elektromotorlary bejermek we sarym etmek, Aragatnaşyk babatynda, simli we simsiz toplumlaýyn aragatnaşyk işlerini, programma üpjünçilikleri, web sahypalary, howpsuzlyk talaplaryny laýyk barlag işleri, ölçeýji we barlaýjy enjamlary bejermek barlamak we sazlama işleri, Gurluşyk babatynda dürli görnüşli binalary gurmak we abatlamak işleri, ýangyn howpsuzlygy babatynda ot söndüriji enjamlary we abzallary gurmak, barlamak, ýangyn garşy ähli hyzmatlary ýerine ýetirmek ýaly işler bilen meşgullanýarys.

Iş wagtymyz

Özüňize iň amatly wagtda
biz bilen habarlaşyň

  • Duşanbe - Şenbe : 9:00 - 18:00
  • Ýekşenbe : Dynç güni
Wagt amatly dälmi?

Onda biziň bilen habarlaşmak düwme arkaly habarlaşyň, biz siz üçin amatly wagt taparys

Biz bilen habarlaş

Nähili işleýäris

Işiň ýerine ýetirilişi

Kärhanamyz müşderilerimiz üçin, iň amatly we takyk wagtda işleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ähli talaplary talabalaýyk ýerine ýetirýär

Icon

Ýüz Tutma

Size amatly wagt-da
elektron ýa-da hat üsti bilen
gerek bolan hyzmat boýunça ýüz tutup bilersiňiz.

Icon

Meýilnama we Taslama

Öňde goýulan işiň ýokary dereje-de meýilleşdirmäge we takyk taslamalary işläp taýýarlamaga taýýar.

Icon

Iş girizmek işleri

Ähli ýerine ýetirlen işleri we işe girizmek sazlamak, talaba görä konfigurirlemek ýaly işleri ýerine ýetirip, müşderiniň ähli talaplaryny ýerine ýetireris.

Shape

Biziň hyzmatdaşlarymyz